Birnäçe dil bilmegi çagalaryň akyl-paýhas başarnyklaryny gowulandyrýar

  • 02.02.2025 11:19
  • 3.1k+

Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary, birnäçe dili bilmegiň çagalaryň akyl-paýhas (kognitiw) başarnyklarynyň ösmegine ýardam berýändigini görkezdi. Bu aýratyn-da autistik spektr bozulmalary bolan çagalar üçin möhümdir. Maýami uniwersitetiniň hünärmenleri bu barlagyň netijelerini Journal of Experimental Child Psychology žurnalynda paýlaşdylar.

Alymlar 7 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan 112 çaganyň maglumatlaryny seljerip gördüler.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde, iki dili bilýän çagalaryň has gowy pikirlenýändigi we özlerini gözegçilikde saklamakda has başarjaňdygy anyklanyldy. Olar bir wezipeden beýleki wezipä çalt geçip bilýärler we bir zady ýerine ýetirenlerinde has netijeli hereket edýärler. Diňe bir dili bilýän çagalar bilen deňeşdirilende, olaryň impulslaryny (duýdansyz hereketlerini) dolandyrmak ukyby hem has güýçli boldy.
Bu täsir esasanam autistik spektr bozulmalary bolan çagalarda has aýdyň ýüze çykdy. Iki dili bilýän autistik çagalar, öz işlerini meýilleşdirmek, bir zada ünslerini jemlemek we bir wagtda birnäçe işi ýerine ýetirmek boýunça has gowy netijeleri görkezdiler. Şeýle hem, olar beýleki adamlaryň duýgularyna we pikirlerine has gowy düşündiler. Bu bolsa olaryň jemgyýete has gowy uýgunlaşmagyna kömek etdi.
Hünärmenleriň pikirine görä, dilleriň arasynda yzygiderli geçiş etmek öz-özüňi gözegçilikde saklamak we ünsi jemlemek mehanizmlerini türgenleşdirýär hem-de beýniniň degişli böleklerini işjeňleşdirýär.


17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....