iPhone eýeleri Windows 11-de «Başlat» menýusy arkaly telefonlaryny dolandyryp bilerler

  • 01.02.2025 16:21
  • 3.8k+

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de täze bir funksiýany synaga goýberdi. Bu funksiýa iPhone ulanyjylaryna «Başlat» (Пуск, Start) menýusynyň gyradaky paneli arkaly telefonlaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar.

Mundan öň, 2024-nji ýylyň güýzünde şunuň ýaly funksiýalar diňe Android enjamlary üçin elýeterli bolupdy.
Windows Insider synag maksatnamasynyň (Dev we Beta) agzalary bu täze aýratynlygy ilkinji bolup synap görüp bilerler.
Täze funksiýa ulanyjylara bildirişleri, habarlary, jaňlary, suratlary hem-de telefonyň zarýad derejesini görmäge mümkinçilik berýär.

«Bir bitewi integrasiýa iPhone eýelerine hem Android ulanyjylary ýaly ähli artykmaçlyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Oňa telefonyň zarýad derejesini we tor baglanyşygyny görmek, gelen habarlara we jaňlara göz aýlamak hem-de soňky ýerine ýetirilen hereketleri yzarlamak girýär. Bularyň hemmesi «Başlat» menýusyna amatly ornaşdyryldy» diýip, Microsoft öz blogunda düşündiriş berdi.

Şeýle hem gyradaky panel arkaly kompýuter bilen Android hem-de iOS mobil enjamlarynyň arasynda faýl alyş-çalşyny amala aşyrmak mümkindir.


16.05.2026 11:20
3.6k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

17.03.2026 20:39
809

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...