Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady

  • 01.02.2025 13:12
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monakoda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bilen gutlady. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp boldy.

«Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem «Galkynyş» topary täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy.
Siziň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagyňyz ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy. Sizi uly üstünligiňiz — beýik ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn, Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin” diýip, döwlet Baştutany belleýär.


şu gün 10:10
2.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.9k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......