Serdar Berdimuhamedow Donald Trampa gynanç bildirdi

  • 31.01.2025 09:58
  • 20k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Awiaheläkçilik 29-njy ýanwarda ýerli wagt bilen 20:47-de (30-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen 06:47) bolup geçdi. American Airlines kompaniýasynyň 60 sany ýolagçysy we 4 sany ekipaž agzasy bolan ýolagçy uçary Uiçito şäherinden (Kanzas ştaty) uçup gelýärdi. Gonmaga girişen wagtynda ol ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň Black Hawk dikuçary bilen çaknyşdy. Uçarlaryň ikisi hem Potomak derýasyna gaçdy.
Bellenilişi ýaly, dikuçar synag okuw uçuşyny ýerine ýetiripdir. Onuň bortunda 3 esger bar eken.
ABŞ-nyň Prezidenti Ak öýde brifingde eden çykyşynda heläkçilik netijesinde hiç kimiň diri galmandygyny aýtdy.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......