Da Winçiniň “Mona Lizasy” Luwrda aýratyn zala geçiriler

  • 30.01.2025 17:37
  • 6.3k+

Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” (“Jokonda”) suraty Luwr muzeýiniň aýratyn zalyna geçiriler. Bu barada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň beýanyna salgylanyp, BFM TV fransuz teleýaýlymy habar berýär.

Häzirki wagtda Leonardo da Winçiniň suraty XVI asyryň wenesiýaly ussatlarynyň eserleri bilen bilelikde Luwryň “Jokonda zaly” hökmünde-de belli bolan 711-nji zalynda ýerleşýär. Bu Luwryň iň uly zalydyr. Bu ýere gelýän adamlaryň sanynyň köpdügi sebäpli suraty görüp bolmaýar diýen ýaly: 2023-nji ýylda “Jokondaly” zala her gün 20 müň adam girip gördi.
“Mona Lizany” göçürmek çözgüdi Luwry abatlamak boýunça “Täze Renessans” meýilnamasynyň bir bölegidir. Makronyň aýtmagyna görä, muzeý “gaýtadan işlener, dikeldiler we giňeldiler”, ol “ajaýyp täze girelgä” eýe bolar. Şeýle-de, muzeýiň daş-töwereginiň hem täzelenmegine garaşylýar.
Täze zaly 2031-nji ýyla çenli açmak meýilleşdirilýär.
The Guardian neşiri Fransiýanyň Prezidentiniň medeniýet ministri Raşid Datä 2026-njy ýyldan daşary ýurtly myhmanlar – Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary bolmadyk syýahatçylar üçin giriş petekleriniň bahasyny ýokarlandyrmak boýunça meýilnamany taýýarlamagy tabşyrandygyny ýazýar. Neşiriň belleýşi ýaly, täzelenmeden soň Luwr ýylda 12 mln töweregi myhman kabul edip biler – häzir muzeýe her ýyl 9 mln adam baryp görýär.


25.06.2026 23:36
5.2k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......