Britaniýanyň 200-den gowrak kompaniýasy dört günlük iş hepdesine geçdi

  • 30.01.2025 17:34
  • 6.5k+

Beýik Britaniýada iki ýüzden gowrak kompaniýa dört günlük iş hepdesine geçdi. Täze tertip boýunça işleýän guramalaryň işgärleri kanagatlanma derejesiniň ýokarlanandygyny belleýär diýip, The Guardian habar berýär.

Tertibiň üýtgedilmegi marketing, tehnologiýa we haýyr-sahawat pudaklaryndaky guramalara täsir etdi. 4 Day Week Foundation-yň müdiri Jo Raýlyň pikiriçe, häzirki iş hepdesi “ýüz ýyl ozal oýlanyp tapyldy we häzirki hakykata laýyk gelýär”. Ol täze tertip adamlary has bagtly, olaryň zähmetini bolsa has öndümli edýär diýip hasaplaýar.
Muňa garamazdan, JPMorgan Chase we Amazon ýaly uly kompaniýalar ofisde hökmany bolmak şerti bilen adaty bäş günlük iş düzgünini saklaýar.
Spark Market Research kompaniýasynyň gözlegi 18-34 ýaş aralygyndaky adamlaryň dört günlük iş hepdesini işjeň goldaýandygyny görkezdi. Olaryň 78%-i munuň bäş ýylyň içinde kada öwrüljekdigine ynanýar we öňki iş modeline dolanmak islemeýär.

“Şeýle-de, bu topar psihiki sagdynlygyň we umumy ýagdaýyň gowulaşmagynyň özleri üçin has möhümdigini, şonuň üçin dört günlük iş hepdesiniň, hakykatdanam, uly peýdadygyny we olaryň umumy ýaşaýyş hiliniň esasy şertidigini aýdýar” – diýip, Spark-yň dolandyryjy müdiri Linsi Kerolan belleýär.


14.03.2026 15:33
3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...