SpaceX NASA-nyň kosmosda galan astronawtlarynyň yzyna gaýdyp gelmegini tizleşdirer

  • 30.01.2025 15:21
  • 5.9k+

2024-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Halkara kosmos stansiýasynda galan Starliner gämisiniň ekipažy Ýere meýilleşdirilen möhletden öň gaýtarylyp bilner. Donald Tramp SpaceX-e bu iş bilen meşgullanmagy tabşyrdy.

Ak tamyň ýolbaşçysynyň tabşyrygy barada Ilon Mask habar berdi.

“Prezident SpaceX-e Halkara kosmos stansiýasynda galan iki astronawty mümkin boldugyndan çalt yzyna getirmegi tabşyrdy. Biz muny ederis” – diýip, milliarder ýazdy.

Şol bir wagtyň özünde, Mask Starliner-iň ekipažynyň HKS-de şeýle uzak wagtlap “taşlanmagyny” “aýylganç” diýip atlandyrdy.
Starliner 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda ekipažly ilkinji synagyň çäklerinde Boeing korporasiýasy tarapyndan uçuryldy. NASA-nyň astronawtlary Barri Uilmor bilen Sunita Uilýamsdan ybarat bolan ekipaž ilkibaşdaky meýilnama boýunça iki hepdeden yzyna gelmelidi, ýöne stansiýa bilen birleşme wagty gäminiň hereketlendirijisinde ýüze çykarylan näsazlyk we soňky geliý syzmasy sebäpli missiýa uzaga çekdi. Hünärmenlere näsazlyklary düzetmek başartmady we Starliner Ýere ekipažsyz dolanar diýen karara gelindi. Uilmor we Uilýams kosmosda galmaly boldy.
Birnäçe gezek yza süýşürmeden soň NASA astronawtlary 2025-nji ýylyň ýazynda Crew-9 missiýasynyň çäklerinde Crew Dragon gämisi bilen yzyna getirmek kararyna geldi.
Starliner gämisi HKS-den dolandyryjysyz režimde aýryldy.


düýn 20:25
5.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......