Günüň üstünde 48 minutlap güýçli alawlama hasaba alyndy

  • 30.01.2025 14:31
  • 4.1k+

Çarşenbe güni, 29-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 09:08-de Günüň üstünde M1.0 derejeli alawlama hasaba alyndy. Russiýanyň Amaly geofizika institutynyň berýän maglumatyna görä, ol 48 minutlap dowam edip, 3977 (N23E70) Gün tegmilleri toparyndaky rentgen aralygynda ýüze çykypdyr diýip, TASS habar berýär.

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyndan we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-Ýer fizikasy institutyndan alnan maglumata görä, şol gün ýene iki sany C derejeli Gün alawlamasy hasaba alyndy.
Gün alawlary rentgen şöhlesiniň güýçlüligine görä bäş derejä bölünýär: A, B, C, M we X. Her dereje özünden öňdäki derejeden 10 esse güýçlüdir. Şeýle hadysalar plazma zyňyndylary bilen utgaşýar we Ýerde magnit hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.


15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...