Beýik Britaniýada depressiýany bejermek üçin niýetlenen beýni implantaty synag edilýär

  • 30.01.2025 13:16
  • 2.3k+

Beýik Britaniýada ultrases barlagyny ulanyp, depressiýany, garaguş keselini we beýleki näsazlyklary bejermäge ukyply özboluşly beýni implantatyny synagdan geçirmäge taýynlyk görülýär diýip, The Guardian habar berýär.

Forest 1 beýni implantaty Amerikanyň Forest Neurotech guramasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Enjam kelleçanagyň aşagynda goýulýar, ýöne beýniniň dokumalaryna aralaşmaýar. Ol adaty MRT-den 100 esse jikme-jik skaner edýär. Çip neýronlaryň gan aýlanyş boýunça işjeňligini seljerýär we işjeňlik ýeterlik bolmasa, ony fokusirlenen ultrases arkaly bilen stimulirleýär. Implantat beýniniň birbada birnäçe ýerine täsir edýär, bu bolsa ony analoglaryndan tapawutlandyrýar.
Bahasy 6,5 million ýewro (8 million dollar) bolan taslama Britaniýanyň ARIA guramasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. 30 näsagda geçiriljek synag 2025-nji ýylyň mart aýynda başlar we 3,5 ýyl dowam eder. Birinji tapgyrda synag, operasiýa zerurlygyny aradan aýyrmak üçin, açyk kelle-beýni  şikesli näsaglar bilen geçiriler.
Tehnologiýada ultrasesden ýaňa gyzmak ýaly käbir çözülmedik meseleler bar. Şeýle hem beýni işjeňliginiň maglumatlaryny saglyk ätiýaçlandyrmasyna, işe ýerleşmesine täsir etmek ýa-da adamlaryň keýpini dolandyrmak howpuny döretmek ýaly ahlaksyz ulanmagyň töwekgelçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Alymlar implantatyň, agyr keselli näsaglara elýeterli bolar ýaly, howpsuzlygyny tassyklamak isleýärler.


20.05.2026 22:45
2.1k+

Apple-iň EA tehnologiýalary maýyplyk arabasyny gözüň bilen dolandyrmaga mümkinçilik berer

Apple kompaniýasy öz önümlerinde elýeterlilik funksiýalarynyň has kämilleşendigini mälim etdi. Kompaniýa mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirmäge we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge......

17.05.2026 20:40
5.6k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

17.05.2026 11:49
2.6k+

Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz......

26.04.2026 09:45
5.3k+

Bilermenler emeli aň modelleriniň medeni tarapgöýlügine ünsi çekýärler

Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň......