Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Türkmenistandaky täze direktory wezipesine girişdi

  • 29.01.2025 15:49
  • 3.9k+

Çinwe Ogbonna 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili we Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Ýurt boýunça direktory wezipesine resmi taýdan girişdi. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berdi.

Ogbonna ählumumy, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk tejribesine eýe bolup, uýgunlaşdyryjy liderlik, hökümetara gatnaşyklar we strategiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda ýöriteleşýär. Ol ylmy barlaglara esaslanýan strategiýalary ulanyp, häzirki we geljekki nesilleriň isleglerine laýyklykda netijeli dolandyryşy üpjün edýär. Şeýle hem, Çinwe Ogbonna aýallaryň, ýetginjek gyzlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek maksady bilen köptaraplaýyn maýa goýumlaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny öňe sürýär.
UNFPA-daky häzirki wezipesine girişmezinden ozal, Çinwe Ogbonna saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek we saglygy goraýyş ykdysadyýeti ýaly ugurlarda ýöriteleşip, UNFPA-nyň dürli wezipelerinde işledi. Mundan öň, ol ABŞ-nyň Keselleri gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) tarapyndan Efiopiýa iberilip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen, şeýle hem USAID, Halkara maşgala saglygy guramasy (FHI) we Nigeriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Çinwe Ogbonna Nigeriýanyň raýaty bolup, farmasiýa boýunça bilime we Londonyň gigiýena we tropiki lukmançylyk mekdebinden saglygy goraýyş ulgamlaryny dolandyrmak boýunça magistr derejesine eýedir. Ol saglygy goraýyş ykdysadyýeti we maliýeleşdirilişi boýunça Edinburgdaky Queen Margaret Uniwersitetinde we Waşingtondaky Bütindünýä banky institutynda goşmaça bilim aldy. 2013-nji ýylda Rokfeller gaznasynyň talyp hakynyň eýesi bolup, durmuş innowasiýada ählumumy liderlik programmasyna gatnaşdy. Ol saglygy goraýyş ykdysadyýeti we syýasaty ugrundaky afrikaly hünärmenleriň jemgyýetine işjeň gatnaşýar hem-de strategiki hyzmatdaşlyga ýardam edýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......