Samsung Galaxy S25 Ultra-nyň kamerasy iPhone 16 Pro Max we Galaxy S24 Ultra bilen deňeşdirildi

  • 29.01.2025 11:50
  • 11k+

SuperSaf we MrWhosetheBoss atly bloggerler Samsung-yň 2025-nji ýyldaky flagman smartfonyny iPhone 16 Pro Max hem-de geçen ýylky Galaxy S24 Ultra bilen deňeşdirdiler. Galaxy S25 Ultra ýarym garaňky şertlerde Apple-yň flagman smartfonyna garanyňda ýagtylyk boýunça yza galdy we reňkleriň öwüşginini aşa gyzgyn görkezdi diýip, Gizmochina belleýär.

Galaxy S25 Ultra-nyň giň burçly kamerasynyň düşürýän suratlary hem iň soňky iPhone-yň jikme-jiklik derejesine laýyk gelýär. Muňa garamazdan, öýüň sag tarapy S25 Ultra-da has garaňky görünýär.
iPhone 16 Pro Max adatça suratlary 24 MP çözgütde alýar, S25 Ultra bolsa henizem 12 MP derejesinde saklanýar.

Geçen ýylky ýaly, iPhone-yň zumsuz (ýakynlaşdyrmasyz) adaty suratlaryndaky jikme-jiklikler Galaxy-a garanyňda has aýdyň görünýär. Şeýle-de bolsa S25 Ultra 200MP sensor bilen enjamlaşdyrylan, bu ulanyjylara 50MP ýa-da 200 MP režimde surata almak mümkinçiligini döredýär. Bu režimlerde düşürilen suratlar iPhone bilen deňeşdirilende has köp jikme-jiklikleri özünde saklaýar.


Galaxy S25 Ultra-nyň düşürýän suratlary S24 Ultra modelinden kän bir tapawutlanmaýar. Köplenç gündizki ýagtylykda düşürilen suratlarda az-kem gyzgyn öwüşginler göze ilýär, ýarym garaňky ýerlerde düşürilen suratlarda bolsa ýagtylyk biraz pes bolup galýar.


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......