Deňiz suwuny süýji suwa öwürmegiň ekologiýa taýdan amatly usuly tapyldy

  • 29.01.2025 11:22
  • 4.3k+

Miçigan uniwersitetiniň we Raýs uniwersitetiniň inženerleri deňiz suwuny köp mukdarda himiki serişdeleri ulanmazdan arassalap, içmäge ýaramly süýji suwa öwürýän tehnologiýany işläp düzdüler. Bu açyş çykdajylary ep-esli azaldyp, süýji suwy hemmeler üçin has elýeterli edip biler. Bu barada Nature Water žurnalynda çap edildi.

Deňiz suwunda adamlar we ösümlikler üçin zäherli ýokary konsentrasiýalarda «bor» bardyr. Adatça, deňiz suwuny arassalaýan zawodlar bor kislotasyny zarýadly (elektrik toguny geçirýän) forma öwürmek üçin oňa aşgar goşýarlar. Soňra zarýadly forma öwrülen bor kislotasy, ters osmos diýlip atlandyrylýan ýörite suw arassalaýyş ulgamy arkaly suwdan aýrylýar. Bu prosesiň ahyrynda bolsa balans döretmek üçin suwa kislota goşulyp bitaraplaşdyrylýar.
Täze tehnologiýada deňiz suwundan bory aýyrmak üçin, uglerod matadan ýasalan elektrodlar ulanylýar we hiç hili himiki serişde goşulmansoň, bu prosesi ýönekeýleşdirýär hem-de onuň bahasyny arzanladýar. Bu usuly ulanmak bilen suw arassalaýyş çykdajylaryny 15%-e çenli azaldyp bolýar. Bu arassalanan suwuň her bir kub metri üçin takmynan 20 sent tygşytlamak diýmekdir.
2019-njy ýylda dünýäde deňiz suwuny arassalaýan zawodlaryň gündelik kuwwaty 95 million kub metre ýetipdi. Şony göz öňünde tutsak, bu tehnologiýanyň ýyllyk tygşytlamasy 6,9 milliard dollara ýetip biler.
Täze tehnologiýa diňe bir maliýe çykdajylaryny azaltman, şol bir wagtda köp mukdarda himiki reagent ulanmak zerurlygyny aradan aýyrmak bilen, olaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirini hem peseldýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....