Ýapon topary konditerçilik sungaty boýunça dünýä çempiony boldy

  • 29.01.2025 09:48
  • 3.8k+

Ýapon topary konditerçilik sungaty boýunça geçirilen dünýä çempionatda ýeňiş gazandy diýip, CNN habar berýär. Bu ýaryş 20-21-nji ýanwarda Fransiýada geçirildi.

Bäsdeşler üç görnüşde süýji tagamlary taýýarladylar: doňdurylan tagamlar, restoran tagamlary (bu tagamyň içine eminler tarapyndan öňünden taýýarlanan içligi goşýarlar) we şokoladly tagamlar. Esasy maksat – hödürlenýän tagamlarda öz ýurtlarynyň medeniýetini görkezmekdi. Her toparyň işini tamamlamagy üçin bäş sagat wagt berildi. Eminler ýaryşda tagama, hödürlenşiň özboluşlulygyna we dizaýna baha berdiler.
Ýapon konditerleri oýnawaç görnüşinde erikli süýjini, şeýle hem limon, armyt we merjen gülüni ulanyp, asanoha däp-dessuryny ýatladýan nagyşly şokolady taýýarladylar.
Ikinji orny şokoladly ýumurtgalary bilen Fransiýa aldy. Üçünji orny bolsa sitrusly we erikli süýjüsi bilen bilen Malaýziýa eýeledi.
Beýleki gatnaşyjylar hem tapawutlanmaga çalyşdylar. Mysal üçin, hytaý topary aždarha şeklinde, meksikanlar bolsa mekgejöweni we şokolady garyşdyryp süýji taýýarladylar.
Bäsdeşler özboluşly egin-eşikleri bilen hem üns çekdiler: fransuzlar däp bolan breton köýneklerini we berelerini geýdiler, meksikanlar süýji kelle maskalaryny dakyndylar, britanlar bolsa gazetçi papaklaryny geýip, galstuk-baboçkalaryny dakdylar.
Soňky netijelerde bolsa galan orunlar şu tertipde paýlandy: Hytaý, Belgiýa, Italiýa, Günorta Koreýa, Singapur, Beýik Britaniýa we Argentina.


28.05.2026 17:06
3.6k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.3k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

08.05.2026 11:49
5.6k+

Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi......