BMW M3 Touring CS ýetip gelýär: uniwersal modeliň ilkinji suratlary peýda boldy

  • 28.01.2025 23:43
  • 5.4k+

BMW täze M3 uniwersal modeliniň täze CS (Competition Sport) görnüşindäki nusgasynyň suratlaryny neşir etdi. Ulag häzirlikçe ýaryş ýodalarynda synagdan geçirilýär we kamuflýažyň astynda gizlenýär.

Daşky görnüşinden, öňki bamperindäki splitterinden we radiatorynyň gözeneginden ugur alnyp, täze ulagyň sedan we kupe görnüşlerdäki M3 hem-de M4 CS modelleri ýaly has sport häsiýetli boljakdygy çaklanylýar.
Öndüriji sport häsiýetler bilen amaly mümkinçilikleriň utgaşdyrylýandygyny nygtap, neşirinde #TheUltimateOneCarSolution (bir ulagda ähli çözgüt) tegini ulandy.

BMW M3 CS Touring, ähtimal, CS sedan we kupe görnüşlerdäki ýaly 550 at güýjünde 3 litrlik turbo hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Şeýle-de öňki modellere garanyňda 40 at güýjüniň goşulmagy, ulagyň dinamikasyny we iň ýokary tizligini has-da ýokarlandyrar. Adaty M3 uniwersaly 100 km/s tizlige 3,6 sekuntda ýetýär we iň ýokary tizligi 280 km/s.
Täze uniwersal 8 basgançakly awtomat karobka hem-de işjeň differensially doly hereketlendirijili ulgam bilen enjamlaşdyrylar. Şeýle-de, asma ulgamyň täzeden sazlanmagyna we kuzowyň has-da güýçlendirilmegine garaşylýar. 
Mahabat kampaniýasyna başlanandygyny göz öňünde tutsak, M3 CS Touring-iň resmi tanyşdyrylyşy ýakyn wagtda bolar.
Şeýle-de bolsa, beýleki týuning ussahanalary eýýämden BMW M3 Touring-iň has güýçli görnüşlerini hödürläp başladylar. Mysal üçin, G-Power bu uniwersaly 720 at güýjüne we 850 Nm momente çenli, Manhart bolsa 855 at güýjüne we 1090 Nm momente çenli güýçlendirip bilýär.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......