Daşkentde Şawkat Mirziýoýew bilen Raşid Meredowyň duşuşygy geçirildi

  • 28.01.2025 11:48
  • 5.6k+

26-27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistana saparynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.


Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşmalar boldy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......