Hytaýyň «DeepSeek» emeli aňy günbatar gazna bazarlarynda çökgünlige getirdi: Nvidia 500 mlrd dollar ýitirdi

  • 27.01.2025 23:55
  • 5.7k+

Duşenbe güni dünýäniň gazna bazarlarynda tehnologiýa pudagynyň paýnamalary ep-esli derejede aşak gaçdy. Munuň sebäbi - Hytaýyň «DeepSeek» atly startapynyň ChatGPT-den (OpenAI) has öňdebaryjy diýlip hasaplanýan çat-boty işe girizmegi boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

ABŞ-da Nasdaq 100 boýunça fýuçersler (geljekde amala aşyrylmaly şertnamalar) 3,3% peseldi. Nvidia kompaniýasynyň paýnamalary söwda başlamanka 13%-den hem köp aşak gaçdy. Bu görkeziji Nvidia kompaniýasy üçin 500 milliard dollar kapitalizasiýa ýitgisi diýmegi aňladýar.
Niderlandlaryň mikroçip öndürijisi bolan ASML-iň paýnamalary, Amsterdamdaky irdenki söwdada 10%-den gowrak aşak gaçdy. Aziýada SoftBank-yň paýnamalary 8%, ýaponiýaly çip öndürijiler Advantest we Tokyo Electron-yňky bolsa, degişlilikde 8,6% we 4,9% aşak gaçdy.
Şol bir wagtda kriptowalýutalar hem öz gymmatyny ýitirdi: bitkoin (BTC) 98 müň dollara, efir (ETH) 3 müň dollara çenli pese gaçdy. Analitikler bu ýagdaýlaryň sebäbini, «DeepSeek» startapynyň ABŞ-nyň tehnologiýa babatdaky üstünligine bolan bäsdeşligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Bilermenleriň pikirine görä, «DeepSeek» emeli aň ýaryşyndaky güýç deňagramlylygyny üýtgedip, bäsdeşlerini täze şertlere uýgunlaşmaga mejbur edip biler. DeepSeek programmasy eýýäm Apple App Store-daky iň gowy mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýeledi, şeýle-de Google Play-de iň köp ýüklenip alnan programmalaryň biri boldy.
DeepSeek-iň iň soňky emeli aň modeli has pes çiplerde hem ýokary netije görkezdi, bu bolsa Nvidia ýaly kompaniýalaryň öz çiplerine goýýan bahalarynyň esaslylygyny sorag astyna aldy. Soňky döwürde Nvidia emeli aň pudagyndaky paýnama ösüşiniň öňdebaryjysy bolup, kompaniýanyň çipleri bu tehnologiýa üçin hökmany hasaplanýar.
Dropbox kompaniýasynyň emeli aň önümçilik we ösüş boýunça wise-prezidenti Morgan Braun belläp geçýär: «DeepSeek-R1» modeli GPU (grafiki prosessorlar) zerurlygyny 50 esse azaldýar. OpenAI-yň GPT-4 modeli 100 müň GPU talap edýän bolsa, Hytaýyň çözgüdi diňe 2 müň GPU bilen işläp bilýär.
«OpenAI o1» emeli aň modeline maglumatlary öwretmek üçin edilen çykdajylar 100 million dollar, «DeepSeek-R1» modeline öwretmek üçin edilen çykdajylar bolsa bary-ýogy 5 million dollardyr.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....