Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady

  • 27.01.2025 12:01
  • 11k+

Şu gün Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini gutlady.

"Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegini harby hünärmenleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolan waka hökmünde belläp geçdi.
Döwlet Baştutany Watan goragçylaryna ýüzlenip, "
Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň halkara derejede iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn" diýip, belläp geçdi.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......