Magtymguly adyndaky TDU-nyň we Galmyk döwlet uniwersitetiniň wekilleri onlaýn duşuşyk geçirdiler

  • 27.01.2025 10:55
  • 2k+

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar.
B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk Döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ý.Mantaýewa rus ýokary okuw mekdebiniň taryhy we şu güni barada gürrüň berdi. 
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory D.Annaýew çykyşynda dürli ýyllarda uniwersitetiň täze okuw binalarynyň açylandygy we onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylandygy, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. 
Galmyk döwlet uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygy, hünär we goşmaça bilim boýunça prorektory O.Koniýewa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilişi barada aýdyp, bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlarynda, şol sanda iki diplomlyk maksatnamasy, professorlar, mugallymlar hem-de talyplar üçin akademiki maksatnamalar babatda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem hünär derejelerine degişli maksatnamalaryň çäklerinde umumy sapaklary bermäge daşary ýurt mugallymlaryny çekmek boýunça teklipler beýan edildi. 


şu gün 14:46
866

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

şu gün 08:05
2.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.9k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......