Westminster uniwersitetiniň wekilleri türkmen ýokary okuw mekdeplerinde sapak geçdiler

  • 27.01.2025 10:32
  • 2.8k+

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagyny geçdiler. Iş saparynyň çäklerinde britan uniwersitetiniň wekilleri 19-25-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Westminster uniwersitetiniň wekilleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 4 tapgyrdan ybarat okuw sapagyny geçirdi. Okuw sapagyny Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Linn Robert we Anastasiýa Bezborodowa alyp bardy.
Sapagyň dowamynda iňlis dili mugallymlarynyň we iňlis dilini öwrenýän talyplaryň döwrebap usullardan peýdalanyp, bilimlerini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny okuw işinde netijeli ulanmak, dil bilimi bilen baglanyşykly ylmy gözlegleri alyp barmak we bu gözlegleriň netijeleriniň ylmy makalalarda şöhlelenmegini gazanmak ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparynyň çäklerinde myhmanlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine baryp gördüler.


şu gün 07:39
809

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......