Germaniýaly inžener suwuň aşagynda 120 gün ýaşap, täze dünýä rekordyny goýdy

  • 26.01.2025 18:26
  • 13k+

Germaniýaly aerokosmos inženeri Rýudiger Koh suwuň ýüzüne çykmazdan, onuň astynda uzak wagtlap galmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Ol Panamanyň kenarlaryna ýakyn ýerleşdirilen ýörite kapsulada 120 gün ýaşady diýip, France-Presse habar berýär.

Onuň, takmynan, 30 inedördül metr meýdanly “jaýy” 11 metr çuňlukda ýerleşip, krowat, hajathana, telewizor, kompýuter, welotrenažor, internet we birnäçe wentilýator bilen üpjün edildi. Elektrik energiýasy Gün batareýalary bilen öndürildi, inženeriň ätiýaçlyk generatory hem bardy. Bu kapsula suwüsti otag bilen birleşdirilip, onuň üsti bilen Koha azyk önümleri iberildi.

“Bu üýtgeşik kyn däl. Men özümi bu ýerde ejir çeken ýaly duýamok, bir agyr düşen zat, käwagt daýwing bilen meşgullanasyň gelýändigi boldy” – diýip, inžener aýtdy.

Koh kapsulada sazlaşykly durmuşy alyp barandygyny we suwasty gurşawyň ýaşaýjylary barada wideo materiallary ýygnandygyny, şeýle-de sport bilen meşgullanyp, kitap okandygyny gürrüň berdi.
Kapsulada dört kamera ýerleşdirildi we olar Kohuň gündelik durmuşyny ýazga alyp, onuň psihiki saglygyna gözegçilik etdi. Şeýle-de, olar inženeriň bir gezek hem ýokary çykmandygyna subutnama boldy.
Ýatlap geçsek, 59 ýaşly Rýudiger Koh geçen ýylyň 26-njy sentýabrynda Panamada Puerto-Lindonyň kenaryna ýakyn ýerde suw astyna çümdi.
Öňki rekord suw astynda 100 gün ýaşan amerikaly Jozef Diturä degişlidi.


04.05.2026 11:12
1.3k+

Lego konstruktory stratosfera uçurylandan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Awe Mariýa” taslamasy” («Проект “Аве Мария”») filminiň sýužeti esasynda döredilen Lego konstruktory stratosfera uçuşyndan soň dünýä rekordyny goýdy....

17.04.2026 15:25
5.2k+

Berlinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy 2300 ýyllyk gadymy teňňäni tapdy

13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär....

07.03.2026 10:41
3k+

Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar

Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular...

14.02.2026 18:31
7.5k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi...