Berlinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy 2300 ýyllyk gadymy teňňäni tapdy

  • 17.04.2026 15:25
  • 5.2k+

13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär.

​Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu seýrek duş gelýän teňňe biziň eýýamymyzdan öňki 281–261-nji ýyllar aralygynda, häzirki Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda zikgelenipdir. Gymmatlygyň bir tarapynda Korinf tuwulgasyny geýen Afina hudaýynyň keşbi, beýleki tarapynda bolsa naýzaly we ikli Afina şekillendirilipdir.

​Ekspertler munuň Berlin şäheriniň çäginde tapylan ilkinji gadymy grek tapyndysydygyny belleýärler. Mundan ozal bu sebitde esasan Rim döwrüne degişli taryhy gymmatlyklar ýüze çykarylýardy.

​Teňňäniň agramy 7 grama golaý bolup, diametri 12 millimetrdir. Taryhy gymmatlygyň şunça ýyllap ýatan ýeri bolan gonamçylyk meýdançasyndan, öň keramika we bürünç önümleri hem tapylypdy

​Alymlaryň çaklamasyna görä, bu şaýlygyň öz döwründe dürli dini däp-dessurlar maksatly ulanylan bolmagy-da mümkin.

Mekdep okuwçysy taryhy tapyndyny hünärmenlere dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Häzirki wagtda bu gadymy teňňe Berlindäki PETRI arheologiýa merkezinde sergilenýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:45
4.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......