Balkanabatda polisiýa işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi

  • 26.01.2025 18:04
  • 15k+

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin her biri 32 hojalyga niýetlenen 2 sany 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Dabara Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri, harby gullukçylar, talyp ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar.
Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň ussat gurluşykçylary bina etdiler. Onuň açylyş dabarasynyň dowamynda hem aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem şu ýerde täze öýleriň eýelerine olaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


düýn 00:03
2.9k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......