Lynx atly hytaý robot-iti garda tans etdi

  • 26.01.2025 16:07
  • 4.7k+

Hytaý DEEP Robotics kompaniýasy Lynx atly robot itini tanyşdyrdy. Bu robot it tans etmegi, kyn päsgelçiliklerden geçmegi we örän agyr şertlerde işlemegi başarýar diýip, Interesting Engineering neşiri habar berýär.

DEEP Robotics kompaniýasy YouTube sahypasynda dört aýakly Lynx robot itiniň mümkinçiliklerini görkezýän wideony paýlaşdy. Ilkinji gezek 2024-nji ýylyň noýabr aýynda tanyşdyrylan bu robot it, pyýada hereket edýän robotlaryň çeýeligini we tigirli ulaglaryň tizligini özünde utgaşdyrýar.
Lynx robot itiniň esasy aýratynlygy – onuň dürli ýer gurluşyna uýgunlaşyp bilýänligidir. Onuň aýak uçlarynda tigirler bar, şol sebäpden ol pyýada ýöreýiş we tigirli hereket režimleriniň arasynda birinden beýlekisine derrew geçmegi başarýar.
Wideo ýazgylardan görnüşi ýaly, robot it ajaýyp ukyplaryny görkezipdir: ol buzda aňsatlyk bilen typýar, çuň garlary ýeňip geçýär, 80 sm beýiklikdäki gaýalara böküp çykýar we ýiti eňňitlerden aşak düşýär.
Inženerler Lynx robot itini akylly dolandyryş algoritmleri bilen üpjün edipdirler. Ol 45° burçly eňňitlere çykmagy başarýar.
Robot it IP54 derejeli gorag bilen üpjün edilen. Ol üç sagatlap zarýadsyz işläp bilýär we batareýasyny tiz çalyşmaga mümkinçilik berýär.
DEEP Robotics kompaniýasy Lynx robot itini dürli kyn meseleleri çözmek üçin köp maksatly enjam hökmünde hödürleýär. Ony halas ediş operasiýalaryndan başlap, elýeterli bolmadyk ýerlerde ylmy barlaglar geçirmek üçin hem ulanyp bolýar.
Robot itiň bahasy 17999 dollar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....