«Günümizi zordan aýlaýas»: Ilon Mask X sosial torunyň maliýe kynçylyklaryny boýun aldy

  • 25.01.2025 22:42
  • 12k+

Ilon Mask X sosial torunyň (öňki Twitter) maliýe kynçylyklaryny çekýändigini boýun aldy – kompaniýa çykdajylaryny zordan ýapýar. Bu barada Maskyň platformanyň işgärlerine iberen gulluk hatynda aýdylýar diýip, The Wall Street Journal we The Verge habar berýär.

Mask hatda ulanyjy bazasynyň durgunlaşýandygyny we mahabatlardan gelýän girdejiniň garaşylşy ýaly bolmandygyny belledi.

«Ulanyjy bazamyzyň ösüşi duruşýar, girdejiler kanagatlanarly däl, günümizi zordan aýlaýarys» diýip, milliarder maýa goýumlary çekmegiň wajyplygyny nygtady.
«Biz X-iň tutuş ýurtdaky çekişmeleri we wakalary nähili güýç bilen şekillendirýändigini gördük» diýip, sosial toruň eýesi düşündirdi. Hatda Mask, käbir kompaniýalaryň (habar çeşmeleri Meta kompaniýasy diýip çaklaýar) X-iň söz azatlygy baradaky çemeleşmelerini özleşdirýändigini we «Community Notes» ýaly funksiýalary hödürleýändigini hem agzap geçdi.

The Wall Street Journal-yň habaryna görä, uly banklar, şol sanda Bank of America, Barclays we Morgan Stanley, Maskyň 3 milliard dollar möçberindäki karzlaryny satmak üçin alyjy gözleýärler. Olar milliarder Maskyň prezident Donald Tramp bilen bolan ynamly aragatnaşyklarynyň bu meselä ýardam berjekdigine ynanýarlar.
Şol bir wagtyň özünde Twitter-iň satylan wagtlary paýnama satyn alan maýadarlar, başlangyç aktiwleriniň bahasynyň 78%-ini ýitirdiler. 2022-nji ýylda Mask Twitter-i 44 milliard dollara satyn aldy, şol möçberden 13 milliard dollar banklardan karz hökmünde alnan serişdelerdi. Ol her ýyl takmynan 1 milliard dollar tölemeli. Iki ýyldan soň, Fidelity analitikleri kompaniýanyň bahasyny 12,3 milliard dollar diýip kesgitlediler, bu sosial toruň satyn alnan bahasyndan 72% pesdir.
Similarweb-iň hasaplamalaryna görä, eýesi çalşandan soň sosial tor ABŞ-daky ulanyjylarynyň 20%-ini ýitirdi, häzirki wagtda ony diňe 73,5 million adam ulanýar.
X-iň «superplatforma» öwrülmegi baradaky garaýyşlar häzirlikçe ýerine ýetirilmedi, üstesine, edilen karzlar uly maliýe kynçylyklaryna öwrüldi.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......