Fidelity: X-iň bahasy (Twitter) Ilon Mask satyn alanyndan soň 71% pese gaçdy

  • 08.01.2024 13:15
  • 5.4k+

X sosial ulgamy (şol wagt Twitter) Ilon Mask tarapyndan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda satyn alnany bäri onuň bahasy 3,5 esse arzanlady. Şeýle baha Fidelity kompaniýasy tarapyndan berilýär diýip, IXBT.com habar berýär.

Blue Chip Growth Fund-yň X-da az paýyna eýe bolan kompaniýanyň habaryna görä, sosial ulgamyň bahasy Mask satyn almazdan öňki döwürdäkisine garanda 71,5% kemeldi. Gaznanyň paýy, 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky ýagdaýa görä, 5,6 million dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde deslap paý  19,7 million dollar diýlip çaklanylypdy.
Maskyň Twitter üçin tölän 44 milliard dollaryny göz öňünde tutsaňyz, Fidelity -niň bahalandyrmasy X kompaniýasynyň şu gün, takmynan, 12,5 milliard dollardygyny görkezýär.
Oktýabr aýynda X-iň bahasynyň, işgärlere berlen paýnama grantlarynyň bahasyndan çen tutsaň, takmynan, 19 milliard dollar töweregi bolandygy habar berildi.
Mask Twitter-i hususy eýeçiligine alyp, kompaniýanyň bahasyny we girdejisini yzarlamagy kynlaşdyrdy. Axios-yň belleýşi ýaly, “Hususy işde paýdardygyna garamazdan, Fidelity-ä X-nyň maliýe görkezijileri barada içerki maglumat hökman däl. Beýleki paýdarlar X-iň paýnamalaryna başgaça baha berip bilerler. ”
Mask, esasanam, mazmunyň moderasiýasyna çemeleşmesi sebäpli mahabat berijileri saklamakda kynçylyk çekdi. Telekeçi kompaniýanyň eýesi bolanyndan soň, gysga wagtyň içinde işgärleriniň köpüsini işden aýyrdy.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......