Hytaýly zenan bir minutda 44 gezek turnik çekip dünýä rekordyny täzeledi

  • 25.01.2025 22:23
  • 10k+

Hytaýly zenan bir minutda iň köp turnik çekmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, UPI ýazýar.

44 ýaşly hytaýly fitnes-bloger Sýe Tin bir minutda 44 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordlar kitabyna öz adyny ýazdyrdy. Bu netije resmi taýdan Hytaýyň Guandun welaýatynda hasaba alyndy.
Öňki rekord 2022-nji ýylda bir minudyň dowamynda 39 gezek turnik çeken amerikaly Inga Simninge degişlidi.

«Rekord goýanam bolsam, men ösüş üçin ýene-de mümkinçiliklerimiň bardygyny bilýän. Indiki gezek has ýokary netijeleri gazanaryn» diýip, Sýe Tin gazanan üstünligine garamazdan, munuň bilen çäklenmejekdigini aýtdy.

Emin agzalary bu üstünligiň hytaýly türgeniň fiziki taýýarlygyny görkezmek bilen, köp adamlary sport bilen meşgullanmaga we täze belentliklere ýetmäge höweslendirýändigini bellediler.


düýn 14:15
5.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.7k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....