Hytaýyň pikirlenýän neýroulgamy R1 birnäçe testde OpenAI-iň o1 modelinden öňe geçdi

  • 25.01.2025 15:33
  • 1.5k+

Hytaýyň DeepSeek barlaghanasy R1 neýroulgamyny döretdi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol esasy testlerde OpenAI amerikan kompaniýasynyň o1 modelinden öňe geçýär. Gürrüň matematiki ýumuşlary çözmek, kod ýazmak başarnygyny we umumy öndürijiligi ölçeýän AIME, MATH-500 we SWE-bench Verified testleri barada gidýär diýip, TechCrunch neşiri habar berýär.

R1-iň aýratynlygy ýalňyşlaryň sanyny azaltmaga mümkinçilik berýän öz-özüni barlamak ukybydyr. Ýöne bu sebäpli neýroulgamyň jogaplary birnäçe sekuntdan birnäçe minuta çenli wagt alyp biler. Şeýle çemeleşme modeli ylym we matematika ýaly çylşyrymly ugurlarda has ygtybarly edýär.
R1 671 mlrd parametri öz içine alýar we iň uly EA modelleriniň biri hasaplanýar. Dürli zerurlyklar üçin 1,5 – 70 mlrd parametrli ýönekeýleşdirilen wersiýalar hem döredildi. Iň kiçi wersiýa noutbukda işläp biler, ýöne doly wersiýa üçin has kuwwatly enjam gerek bolar.
Şol bir wagtyň özünde, API arkaly R1-e girmek amerikan bäsdeşi bilen deňeşdirilende has arzandyr.
R1-iň öz nýuanslary hem bar: Hytaýda işlenip düzülendigi sebäpli, ol “esasy sosialistik gymmatlyklara” laýyk gelmek barlagyndan geçýär. Şol sebäpli model Hytaý üçin ýiti syýasy temalar baradaky soraglara jogap bermez.


11.06.2026 23:52
7.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......