Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

  • 24.01.2025 09:12
  • 5.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de onuň Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Mihail Kawelaşwilä tüýs ýürekden berk jan saglyk, Gruziýanyň dostlukly halkynyň mundan beýläk-de öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
53 ýaşly Kawelaşwili – Gruziýanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki hüjümçisi. Ol Tbilisiniň “Dinamosynda” (Gruziýa), “Mançester Sitide” (Angliýa) we Wladikawkazyň “Spartak-Alaniýasynda” (Russiýa) çykyş etdi. Kawelaşwili sport karýerasyny 2006-njy ýylda tamamlady, şondan soň syýasat bilen işjeň meşgullanyp başlady.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......