Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

  • 24.01.2025 09:04
  • 2.1k+

23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi muňa mysal hökmünde görkezildi.
Şeýle hem 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......