Mihael Şumaheriň ilkinji şahsy “Ferrarisi” auksiona çykaryldy

  • 24.01.2025 08:23
  • 7.5k+

4-nji fewralda Parižde geçiriljek auksionda Mihael Şumaheriň 1996-njy ýyldaky şahsy Ferrari F355 GTS awtomobili satuwa çykarylar. Bu onuň bu markadan ilkinji awtomobili diýip, Motor1 habar berýär.

Le Mans Blue reňki bilen boýalan sarymtyl deri salonly awtoulag Şumaher tarapyndan Ferrari toparyna geçenden soň ýörite sazlandy. Awtomobil 1996-njy ýylyň 30-njy aprelinde – Şumaher Ýewropanyň Gran-prisinde ikinji orny eýeländen iki gün soň ýaryşa gatnaşyjynyň menejerine gowşuryldy.
Şumaher “Ferrarini”, esasan, Mýunhende ulandy, şol ýerde 5-nji maýda awtomobil ilkinji tehniki barlagdan geçdi – şol wagt onuň geçen menzili 1639 km barabardy.
Bu “Ferrariniň” aýratynlygy Şumaheriň oturgyçdaky awtografy we onuň awtoulagly görkezilen metbugat suratlarydyr.
2020-nji ýylda awtomobil hereketlendirijiniň çalşylandygyny tassyklaýan Ferrari Classiche şahadatnamasyny aldy. Ýöne ilkibaşdaky hereketlendirijiniň heniz Şumahere berilmezden öň döwrebaplaşdyrylandygy çaklanylýar.
Awtoulagyň häzirki eýesi ony 2004-nji ýylda satyn aldy we “Ferrariniň” hyzmat merkezlerinde yzygiderli barlatdy. Iň soňky uly tehniki barlag 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirildi.
Auksion bu harydyň, taryhy ähmiýetini we “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy bilen baglanyşygyny göz öňünde tutup, uly gyzyklanma döretmegine garaşýar.


düýn 23:29
680

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

27.05.2026 14:16
1.6k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

07.05.2026 11:15
2k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....