Dünýäniň iň uly teleskopynyň üstüne gorag gümmezi guruldy

  • 23.01.2025 15:59
  • 9.8k+

 

Çiliniň Atakama çölündäki Serro Armazones dagynda dünýäniň iň uly teleskopy bolan Extremely Large Telescope (ELT) teleskopynyň gorag gümmeziniň gurluşygy tamamlandy. 93 metr diametrli we 80 metr beýikligindäki bu gümmez sebitiň ýowuz şertlerinden enjamy goramak üçin niýetlenendir diýip, Space.com ýazýar.

Bu desga Ýewropanyň günorta obserwatoriýasy (ESO) tarapyndan gurulýar. Geljekde gümmez alýumin paneller we uly açylýan elementler bilen üpjün ediler. Olar gijelerine ekzoplanetalary, uzakdaky planetalaryň atmosferasyny we Älemiň giňelişini öwrenmek üçin açylar.

Teleskopyň esasy aýnasy (M1) 39 metr diametri bilen, şu wagta çenli gurlan iň uly teleskop aýnasy bolar. Ol stýeklokeramiki materialdan ýasalan 798 bölekden ybarat bolar. 4,25 metr diametrli ikinji aýnanyň (M2) şu ýyl tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
Teleskopyň özi bolsa 2028-nji ýylda işläp başlar.
Gurluşykdan alnan suratlar 2025-nji ýylyň ýanwarynda düşürildi. Suratlarda gümmeziň daşky örtügini oturtmak boýunça işleýän kranlar görünýär. ELT tamamlanandan soň, planetadaky iň uly optiki teleskop bolup, kosmosy öwrenmekde täze mümkinçilikleriň öňüni açar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......