Hytaýly kosmonawtlar orbitada ilkinji gezek kislorod we etilen öndürdi

  • 23.01.2025 00:42
  • 5.1k+

“Týangun” orbital stansiýasynyň bortundaky “Şençžou-19” kosmos missiýasynyň ekipažy kosmos şertlerinde emeli fotosintez boýunça taryhda ilkinji tejribäni üstünlikli geçirdi.

Kosmonawtlar raketa ýangyjyny öndürmekde ulanyp boljak maddany – kislorody we etileni almagy başardy. Bu üstünlik Hytaýy kosmosy uzak möhletleýin özleşdirmäge we ekipažly missiýalara goldaw bermäge, şol sanda 2030-njy ýyla çenli Aýa gonmak mümkinçiligine ýakynlaşdyrýar.
Tejribäni geçirmek üçin ýarymgeçiriji katalizatorlar ulanyldy. Onuň dowamynda kosmonawtlar kömürturşy gazyny we suwy kisloroda öwürdi. Täze tehnologiýanyň aýratynlygy onuň otag temperaturasynda we kadaly basyşda netijeliligi bolup, bu energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýar. Hytaýly kosmonawtlaryň usuly köp energiýa çeşmelerini talap edýän we Aýa ýa-da Marsa ekspedisiýalar ýaly uzak aralyga missiýalar üçin juda laýyk gelmeýän adaty elektrolizden tapawutlanýar.
Öň Halkara kosmos stansiýasynda geçirilen ylmy gözlegler mikrograwitasiýanyň tebigy fotosinteze täsir edýändigini görkezdi. Ýöne HKS-iň ýaşaýşy goldamak tehnologiýalary, esasan, elektrolize esaslanýar.
Olardan tapawutlylykda, hytaý usuly himiki we fiziki usullary ulanmak bilen ösümlikleriň fotosintezine “öýkünýär”. 


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....