Şwesiýada buzdan myhmanhana açyldy: ol aprele çenli eräp gidýär

  • 22.01.2025 14:46
  • 12k+

Şwesiýanyň demirgazygynda her ýaz paslynda ereýän, birnäçe aýdan soň täzeden gurulýan buzdan täsin myhmanhana – Icehotel gaýtadan açyldy.

500 tonna buzdan ýasalan myhmanhana Ýukkasýärwi etrabynda ýerleşýär. Bina 12 sany art-lýuks otagdan, 20 sany standart otagdan, dabaralar üçin zaldan we 220-den gowrak täsin heýkellerden ybarat.
Myhmanhananyň ähli düzüm bölekleri el işi bolup, dizaýnerler tarapyndan ýasaldy. Her otag özboluşly stil bilen bezelen. Bu ýyldaky heýkelleriň arasynda ar-deko stilindäki “Düýnki ertir” we ýabany tebigata bagyşlanan “Bizi öp” kompozisiýalary aýratyn tapawutlanýar.
Myhmanhana aprel aýyna çenli açyk bolup, soňra tebigy ýagdaýda eräp gider. Şondan soň onuň gurluşygyna täzeden başlanar – bu däp eýýäm 35 ýyldan bäri dowam edýär.
Buzuň üstünde gijeleýin ýatyp bilmejekler üçin myhmanhana, aýratyn ýyly otaglary we kosmos temasy bilen ýyl boýy zyýarata açyk Icebar in Orbit-e baryp görmegi teklip edýär. Bu ýerde myhmanlara ýyladyjy içgiler, maral deriler, galyň düşekler we ýörite joraplar hem hödürlenýär.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......