Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi

  • 22.01.2025 03:04
  • 10k+

20-nji ýanwarda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň geçiren okeanografiýa boýunça taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.
Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa we biologiýa muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Muzeýiň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Okeanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.
Şazada Alber I öz döwrüniň görnükli alymy bolupdyr. Onuň ylmy-barlag işleri köp ulgamlary, şol sanda okeanografiýany, geografiýany we tebigy ylymlary öz içine alýar.
Ol 1889-njy ýylda Monakoda “Okeanografiýa stansiýasyny” esaslandyrýar. Soňra bu stansiýa deňiz biologiýasyny we okeanografiýany ylmy taýdan öwrenmek üçin merkez bolýar. Şazada Alber I deňiz çuňluklaryny öwrenmäge gönükdirilen ekspedisiýalary işjeň goldapdyr we olaryň birnäçesine özi hem gatnaşypdyr. 
Soňra türkmen halkynyň Milli Liderine Muzeýiň akwarium bölüminde dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen balyklaryň, suwda ýaşaýan beýleki jandarlaryň 6 müňden gowrak görnüşi we deňiz ösümlikleri görkezildi hem-de olar barada gürrüň berildi.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....