Türkmenistanda gümrük gullugynda täze Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy

  • 21.01.2025 15:09
  • 8.3k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy.

Täze merkezde gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmäge, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar babatda maglumatlary toplamaga we seljermäge, maglumat çeşmelerini, intellektual tehnologiýalar ulgamyny we rentgen-gözegçilik enjamlaryny ulanmak arkaly, dogry çözgütleriň dessine kabul edilmegini guramaga şertler döredildi.

Şeýle hem merkezde serhetýaka gümrük nokatlarynyň, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de ýurdumyzyň howa menzilleriniň işine häzirki wagt tertibinde gözegçilik etmäge we utgaşdyrmaga, gümrük kanunçylygynyň bozulmagynyň töwekgelçiliklerini seljermäge hem-de dolandyrmaga döwrebap mümkinçilikler bar. Bu ýerde geoýerleşişi anyklaýan ulgamyň ulanylmagy bilen, halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çägi boýunça hereketine gözegçilik etmek, harytlar we ulag serişdeleri gümrük serhedinden geçirilende ygtyýarlandyryş we rugsat beriş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi ygtybarly guramak babatda ähli şertler bar.
Gözegçilik-seljeriş merkeziniň sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirilýän otagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly uzak aralykdan okuwlary, duşuşyklary, ýygnaklary geçirmek üçin hem ähli şertler göz öňüne tutuldy.

Dabaranyň çäklerinde Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerine 7 sany täze döwrebap gulluk awtoulaglary berildi diýip, gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......