TikTok-a garaşlylyk: gysga wideolar beýnä nähili täsir edýär?

  • 21.01.2025 13:53
  • 7.9k+

TikTok we beýleki gysga wideo platformalaryny ýygy-ýygydan ulanmaklygyň beýniniň işine täsiri barada barlaglar geçirildi. Bu täsir, esasan-da, haýsydyr bir zada garaşly bolmaga has ýykgyn edýän adamlarda güýçli ýüze çykýar. Bu barada NeuroImage žurnalyndaky makala salgylanyp, PsyPost neşiri habar berýär.

Barlaglar gysga wideolary ýygy-ýygydan görmegiň beýnidäki duýgulara we lezzet almaga jogapkär bölekleriň işjeňligini artdyrýandygyny görkezdi. Şeýle-de beýniniň käbir böleklerinde, meselem, orbitofrontal korteksde we beýnijikde üýtgeşmeleriň bolup geçýändigi ýüze çykaryldy.
TikTok we Reels ýaly platformalaryň aşa ulanylmagy psihiki saglyga zyýan ýetirip biler. Bu platformalara garaşlylyk ünsüň we ýatkeşligiň peselmegine hem-de duýgularyň durnuksyzlygyna sebäp bolýar. Çalt we dürli mazmunly gysga wideolar ulanyjylaryň has çylşyrymly meselelere ünsüni jemlemegini kynlaşdyrýar. Şeýle-de bu garaşlylyk ukynyň bozulmagyna we adamyň emosional ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.
Barlag 17-30 ýaş aralygyndaky 111 talybyň arasynda geçirildi. Gatnaşyjylar neýrologiki we psihiki keselleri bolmadyk adamlaryň arasyndan saýlanyp alyndy. Beýniniň işjeňligini we gurluşyny öwrenmek üçin MRT barlagy geçirildi. Şeýle hem beýnidäki üýtgeşmeler bilen baglanyşykly genler kesgitlenildi.
Netijede, gysga wideolara aşa garaşly bolan adamlaryň beýnisinde çal maddanyň möçberiniň köpelendigi anyklanyldy. Şeýle-de karar kabul etmek, özüni seljermek we duýgulary dolandyrmak bilen baglanyşykly beýni bölekleriniň has işjeňleşendigi ýüze çykaryldy.
Genetiki barlaglarda beýniniň üýtgemegine sebäp bolýan 500-den gowrak gen anyklanyldy. Bu genleriň köpüsi esasan ýetginjek ýaşlarda has işjeň bolup durýar.


17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......