Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna bardy

  • 19.01.2025 23:07
  • 12k+

Şu gün, 19-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygyna ugramazdan ozal, Aşgabadyň halkara howa menzilinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny aýdyp, bu ýurduň beýleki ugurlar bilen bir hatarda özüni dünýäde sport üstünlikleri bilen tanadandygyny belledi.
2025-nji ýylda Monako dünýäniň sport paýtagty diýlip yglan edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýandygyny belläp, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny aýtdy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....