Google öz emeli aňynyň bäsdeşlerinden gowudygyny aýdýar, emma ýükläp alma sany boýunça ChatGPT öňde

  • 19.01.2025 22:14
  • 2.6k+

Google emeli aň (AI) tehnologiýalaryny ösdürmekde öňdebaryjydygyny we Gemini atly modeliniň bäsdeşlerinden has gowudygyny aýdýar. Tehnoägirt Gemini-niň ulanyjy sanyny mälim etmeýär, şeýle-de ChatGPT-ni bolsa her hepde 300 million adam ulanýar diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär.

Google emeli aň ugry boýunça öňdebaryjy bolsa-da, 2022-nji ýylda ChatGPT-niň işe başlamagy bilen ep-esli yzda galdy. Şondan bäri kompaniýa täze tehnologiýalary ösdürip, öňdeligi almak isleýär. Gemini tehnologiýasy käbir reýtinglere görä OpenAI-y geçdi. Şeýle-de bolsa, göçürip alynma sany boýunça Gemini henizem yza galýar. App Store-yň hasabatlaryna laýyklykda, Gemini-niň ýüklenip alma sany 106 million, ChatGPT-niňki bolsa 465 million.
Gemini häzirki wagtda Google-a uly girdeji getirmeýär. Premium abunalygy aýda 20 dollar bolup, ýany bilen 2 TB bulut ýat hyzmatyny hödürleýär. Käbir ulanyjylar emeli aň üçin däl-de, bu artykmaçlyklar üçin abuna bolýarlar. Olar bulut ýat hyzmatyny halasa-da, ChatGPT-ni ulanmagy makul görýärler.
Analitik kompaniýa Earnest Analytics-iň maglumatlaryna görä, Gemini ulanyjylarynyň 60%-i alty aýdan soň hem abunalygyny dowam etdirýär. Bu görkeziji köp bäsdeşleriniňkiden gowy bolsa-da, OpenAI-yň netijelerinden pesdir.
Gemini tehnologiýasy eýýäm Google-yň dürli önümlerinde ulanylýar, mysal üçin, gözleg netijelerinde, Gmail-iň we Google Drive-yň işewür görnüşlerinde. Google ony Pixel smartfonlarynda we beýleki enjamlarynda hem deslapky kömekçi hökmünde hödürleýär.


22.03.2026 04:00
2.7k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
869

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
907

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...