Emeli aň çiplerine islegiň artmagy bilen TSMC-niň çärýeklik girdejisi 57% ýokarlandy

  • 18.01.2025 14:48
  • 2.5k+

TSMC taýwan çip öndürijisi dördünji çärýekde rekord derejede girdeji gazandy. Bu üstünlik emeli aň (AI) ulgamlary üçin niýetlenen çiplere bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi 57% ýokarlanyp, 11,4 milliard dollara, umumy girdejisi bolsa 38,8% artyp 26,36 milliard dollara ýetdi diýip, Bloomberg habar berýär.

TSMC 2024-nji ýylda umumy 90,08 milliard dollar girdeji gazandy, bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende 30% ýokarydyr. Şeýlelikde, kompaniýanyň girdejililigi hem ýokarlandy: girdeji normasy 56,1%-e ýetdi.
Analitiklere görä, TSMC 2025-nji ýylda diňe bir AI däl, eýsem smartfonlardan, kompýuterlerden hem-de Intel-den alnan sargytlaryň köpelmegi netijesinde ösüşini dowam etdirer. Kompaniýa täze tehnologiýalara maýa goýmak üçin 2025-nji ýylda maýa goýum çykdajylaryny 41% artdyrmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň girdejisiniň esasy bölegi ösen tehnologiýalardan (3nm, 5nm we 7nm) gelip gowuşýar. Esasan-da, 3nm tehnologiýasy soňky çärýekde girdejiniň 26%-ini emele getirdi. AI çipleri bilen bagly hasaplama ulgamlary bolsa girdejiniň 53%-ini üpjün etdi. Bu görkeziji smartfon pudagyndan (35%) ýokary boldy. Şeýle-de, girdejiniň köp bölegi (75%) Demirgazyk Amerikadan gelip gowuşdy.
TSMC häzirki çärýekde hem girdejiniň ýokarlanjakdygyna ynanýar. Kompaniýa ýyllyk girdejiniň 24-26% ýokarlanjakdygyny we bu ösüşiň AI tehnologiýalara bolan talap bilen dowam etjekdigini çaklaýar.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......