Microsoft matematiki meseleleri çözmek üçin kiçi göwrümli emeli aňy hödürledi

  • 17.01.2025 15:13
  • 1.8k+

Microsoft matematiki meseleleri çözmek üçin niýetlenen rStar-Math dil modelini hödürledi. Bu model az hasaplama çeşmesini talap edip, ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Bu taslama Microsoft Asia bölümine degişli matematika we emeli aň meseleleri boýunça iş alyp barýan alymlar tarapyndan işlenip düzüldi.
rStar-Math modeli, Monte-Karlo agajynyň gözlegi usulyndan peýdalanyp, meseleleri adam ýaly seljerýär. Model çylşyrymly meseleleri ýönekeý böleklere bölýär we olary tapgyrlaýyn çözýär. Çözgütler Python kody we adaty dil görnüşinde hödürlenýär, bu bolsa olaryň düşnükli bolmagyny üpjün edýär.
Modeliň işlenip düzülmegi Microsoft-yň modul ulgamlary döretmek strategiýasynyň bir bölegidir. Bu ugurda ýöriteleşdirilen kiçi modeller dürli wezipeleri has az çykdajy bilen ýerine ýetirýär.
Microsoft, rStar-Math modelini GitHub platformasynda elýeterli etmegi we bu modeliň has uly taslamalara goşulmagyny maksat edinýär. Kompaniýa matematika we programmirleme ýaly logiki seljermäni talap edýän meselelerde şeýle çözgütleriň geljegiň açarydygyna ynanýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
988

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

07.03.2026 17:10
960

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...