SpaceX ýedinji synag uçuşynda Starship gämisini ýitirdi: sebäp – ýangyjyň syzmagy

  • 17.01.2025 14:35
  • 6.2k+

SpaceX kompaniýasy ýedinji synag uçuşynyň dowamynda Starship kosmos gämisiniň ýokarky bölegini ýitirdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Uçuryş 16-njy ýanwarda ýerli wagt bilen 17:38-de (Aşgabat wagty bilen 17-nji ýanwarda sagat 03:37) Tehas ştatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Boka-Çika şäherindäki Starbase uçuş meýdançasyndan amala aşyryldy.
Super Heavy tizleşdirijisi (raketanyň aşaky basgançagy) Ýere üstünlikli gaýdyp geldi we kosmodromdaky ýörite enjam – Mechazilla diňi tarapyndan tutuldy. Ýöne ýokarky basgançak bilen aragatnaşyk uçuşdan 8,5 minutdan soň kesildi. Bu kosmosa ýük eltmegi göz öňünde tutan ilkinji uçuşdy.
SpaceX kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask raketanyň ýok bolmagynyň sebäbini kislorodyň ýa-da ýangyjyň syzmagy bilen baglanyşdyrdy.

“Deslapky maglumatlara görä, gämi hereketlendirijisiniň braundmaueriniň üstündäki boşlukda kislorodyň/ýangyjyň syzmagy bolup geçdi” – diýip, ol X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Onuň aýtmagyna görä, syzma diýseň güýçli bolup, ol wentilýasiýa deşikleriniň mümkinçiliklerinden artyk basyşy döretdi.
Indi SpaceX raketany syzma tarapdan düýpli barlamagy we ýangyn söndüriş ulgamyny goşmagy meýilleşdirýär.


22.03.2026 16:34
3.8k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...