Ilkinji gezek USB-C-li iPhone-ny döwmek başartdy

  • 17.01.2025 11:21
  • 5.4k+

Howpsuzlyk boýunça barlagçy Tomas Rot Chaos Communication kongresiniň 38-nji maslahatynda iPhone 15-iň USB-C arkaly döwülendigini mälim etdi. Çäre barada maglumatlar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda çap edildi diýip, Appleinsider neşiri habar berýär.

Rot iPhone smartfonlarynda 2023-nji ýylyň güýzünden bäri ulanylýan ACE3 USB-C dolandyryjysynyň programmasynda öň hiç kime mälim bolmadyk gowşaklygy ýüze çykardy. Hünärmen dolandyryjyny täzeden programmirläp, daşarky kodlary işe girizmegi we adaty howpsuzlyk protokollaryndan sypmagy başardy.
Rot bu usuldan peýdalanan islendik hakeriň enjamy uzakdan dolandyrmak ýaly birnäçe mümkinçiliklere eýe bolup biljekdigi barada aýtdy. Emma munuň üçin ýörite USB kabeli we smartfona fiziki elýeterlilik gerek.
Bu mesele barada Apple häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermedi.
Ýatlatsak, 2024-nji ýylyň 28-nji dekabryndan başlap Ýewropa Bileleşiginde ähli elektron enjamlarda birmeňzeş USB-C portunyň ulanylmagyny talap edýän düzgün güýje giripdi. Bu düzgün elektron galyndylaryň we sarp edijileriň çykdajylarynyň azaldylmagyny göz öňünde tutup kabul edilipdi.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....