Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrlikleri syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 16.01.2025 21:42
  • 4.1k+

15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Bin wekilçilik etdi diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda hytaý tarapynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde meýilleşdirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy bilen bagly meselä deglip geçildi.
Söhbetdeşler Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň işiniň durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm guraly bolup çykyş edýändigi bilen ylalaşdylar.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şol gün şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleriň netijelerini seljerdiler, şeýle-de özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljek üçin bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga meýillidiklerini tassykladylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi toparynyň 10-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....