Betondaky jaýryklary ýüze çykarmak üçin neýroset döredildi

  • 16.01.2025 15:43
  • 5.8k+

Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň (NDTU) alymlary betondaky jaýryklary suratlar we wideolar arkaly anyklap bilýän neýroset döretdiler. Bu tehnologiýa betbagtçylyklaryň öňüni almak we abatlaýyş çykdajylaryny azaltmak üçin ulanylar diýip, Russiýanyň TASS habarlar gullugy habar berýär.

Ulgam emeli aň we maşyn öwrenmesi arkaly işleýär.

“Maşyn öwrenmesi ýaly häzirki zaman tehnologiýalar awtomatlaşdyrylan diagnoz üçin täze mümkinçilikleriň öňüni açýar. Taslamanyň çäklerinde dürli jisimlerden alnan suratlar esasynda uly maglumatlar toplumy jemlendi we esasy neýroset döredildi. Kontur usuly bilen gaýtadan işlenen we bölümlere aýrylan suratlar esasynda oňa betondaky çat açmalary ýüze çykarmagy öwretdim” diýip, döredijisi Nikolaý Obidin aýtdy.

Täze ulgam wideokameralardan gelen maglumatlary seljerip, jaýryklary 95% takyklyk bilen tapýar.
Geljekde bu ulgam uçarmansyz uçýan enjamlarda we suwasty enjamlarda hem ulanylar. Bu bolsa onuň gurluşyk we beýleki infrastruktura işlerinde giňden ulanylmak mümkinçiligini artdyrar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......