Türkmenistanly okuwçylar Astanada XXI Halkara Žautyk olimpiadasynda bäsleşýärler

  • 16.01.2025 10:48
  • 2.3k+

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Gazagystanyň paýtagty Astanada 13-17-nji ýanwar aralygynda geçirilýän «IzhO-2025» atly matematika, fizika we informatika boýunça XXI Halkara Žautyk olimpiadasyna gatnaşýarlar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Olimpiada Gazagystanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde Respublikan fizika-matematika mekdebi we «Daryn» Respublikan ylmy-amaly merkezi tarapyndan guraldy. 
Olimpiada 15 ýurtdan, şol sanda Gazagystandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Belarusdan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan we Mongoliýadan mekdep okuwçylarynyň 700-e hem-de terbiýeçi-ýolbaşçylaryň 150-ä golaýy gatnaşýarlar.
Olimpiada Astana IT uniwersitetiniň we Respublikan fizika-mekdebiniň binýadynda geçirilýär. Olar şeýle derejeli olimpiadalary geçirmek üçin enjamlaşdyrylandyr.
Bäş günlük bäsleşik iki tapgyry – nazary we amaly tapgyrlary özünde jemläp, olaryň wezipeleri ýöriteleşdirilen synplaryň maksatnamasyna laýyk gelýär hem-de halkara eminler tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.
Intellektual bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler we baýrak eýeleri degişli derejelerdäki diplomlary, altyn, kümüş, bürünç medallary hem-de sowgatlary alarlar. Gatnaşyjylara olimpiada gatnaşandyklary baradaky şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Halkara Žautyk olimpiadasy 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......