Iň gadymy buz: Alymlar Antarktidadan ýaşy 1,2 mln ýyl bolan buz nusgasyny çykardy

  • 15.01.2025 11:57
  • 10k+

Halkara alymlar topary uly göwrümli Beyond EPICA taslamasyny üstünlikli tamamlady. Ekspedisiýanyň çäklerinde ylmy gözlegçiler 2,8 kilometr çuňluga ýetip, ýaşy 1,2 million ýyldan gowrak bolan buzy çykardylar. Bu Antarktidanyň iň gadymy buzy diýip, NBC News ýazýar.

Italiýaly glýasiolog Karlo Barbante tarapyndan gözegçilik edilýän bu taslama “Konkordiýa” gözleg stansiýasynyň golaýyndaky “Kiçi kupol C” sebitinde amala aşyryldy. Onuň durmuşa geçirilmegi üçin dört ýyl sarp edildi. Aşa temperatura şertlerinde (-35°C töweregi) 16 alymdan we tehniki işgärden ybarat topar her Antarktika tomsunda buz galyňlygyny burawlady.

“Bu buz kerni (silindr sütüni görnüşindäki nusga) Ýeriň atmosferasynda bug gazlarynyň, himiki maddalaryň we tozanlaryň nähili üýtgändigi barada özboluşly maglumat berer” – diýip, Karlo Barbante belledi.

Izotop seljermesi buzuň ýaşyny tassyklady. Maglumatlar millionlarça ýylyň dowamynda klimat üýtgemelerini we atmosferanyň ewolýusiýasyny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ylmy gözlegleriň esasynda Ýeriň atmosferasynda kömürturşy gazynyň konsentrasiýasynyň soňky 800 müň ýylda hatda has maýyl döwürlerde-de häzirki derejelere ýetmändigi barada netije çykaryldy. Belläp geçsek, häzirki derejeler öňki görkezijilerden 50% ýokarydyr. Bu açyş atmosferadaky häzirki üýtgeşmeleriň we olaryň netijesiniň geljekki planeta üçin möhümdigini görkezýär.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewropanyň birnäçe ýurdy tarapyndan goldanýan Beyond EPICA taslamasy Ýeriň klimat taryhyny öwrenmekde möhüm ädim bolar we alymlara planetamyzyň geçmişinde bolup geçen üýtgeşmelere has gowy düşünmäge kömek eder.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....