Aşgabatda Milli uýgunlaşma meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 15.01.2025 11:21
  • 3.2k+

14-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli uýgunlaşma meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada tegelek stol geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylşynyň Milli prosesiniň ösüşi” atly taslamasynyň çäginde geçirilen çärede halkara bilermen hökmünde BMGÖM-iň geňeşçisi Iwan Filyutiçdi çykyş etdi. Tegelek stola Oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň we Türkmenistanyň suw komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynda uýgunlaşmagy meýilleşdirmegiň we ileri tutulýan tehnologiýalary saýlamagyň usullary hödürlendi. Şeýle hem Türkmenistanda uýgunlaşmagyň milli prosesiniň ösüşi meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin tehnologiýa geçiriş (transfer) taslamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy mehanizmleri hödürlendi.


düýn 18:04
3.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......