Kleopatranyň uýasyna degişli galyndylar rimli “oglanjyga” degişli bolup çykdy

  • 14.01.2025 19:36
  • 9.1k+

Genetiki seljermeleriň netijesinde Türkiýede ýerleşýän gadymy şäher Efesden tapylan galyndylaryň Müsür şa zenany Kleopatranyň öweý aýal dogany Arsinoýa IV-ä degişli däldigi ýüze çykaryldy. Sebäbi seljermelerde Y-hromosoma tapyldy, bu bolsa galyndylaryň erkek kişä degişlidigini görkezýär diýip, Scientific Reports habar berýär.

Bu galyndylar ýetginjek ýaşdaky oglana degişli bolup çykdy. Bilermenleriň bellemegine görä, ol 11-14 ýaş aralygynda aradan çykypdyr, şeýle-de ol, ähtimal, müsürli däl-de, rimli bolupdyr.
Galyndylar 1929-njy ýylda häzirki Türkiýäniň çägindäki gadymy Efesden tapyldy. Şol ýerde gapyrga we but süňkleriniň bölekleri hem ýüze çykaryldy.
Oglanyň ýaşan döwründe kim bolandygy belli däl, ýöne tapylan mazar onuň baý maşgaladan bolandygyny görkezýär. Şeýle-de, ol saglyk bilen bagly düýpli meselelerden ejir çekipdir. Dogabitdi äň kemçiligi we kelle süňkleriniň wagtyndan öň birleşmegi onuň ösüşinde kemçilikleriň ýüze çykandygyny görkezýär.
Bu oglan Arsinoýanyň döwürdeşi bolupdyr, sebäbi galyndylar b.e. öňki 205-36-njy ýyllara degişli. Taryhy maglumatlara görä, Arsinoýa b.e. öňki 41-nji ýylda Efesde öldürilipdir. Şol döwürde Efes Rim respublikasynyň bir bölegi bolupdyr.
Arsinoýa Kleopatranyň öweý aýal dogany bolupdyr. Olaryň ejeleri başga, ýöne atalary bir – Ptolemeý XII bolupdyr. Taryhçylaryň pikirine görä, sürgünde bolsa-da Arsinoýa patyşalyk üçin howp döredipdir. Çeşmelere görä, ol Kleopatranyň söýgülisi general Mark Antoniýniň buýrugy bilen öldürilipdir.
Arsinoýanyň mazary entek tapylmady. Kleopatra bilen Mark Antoniýniň galyndylary hem henize çenli ýüze çykarylmady.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....