Hytaý litiý ätiýaçlygy boýunça dünýäde altynjy orundan ikinji orna geçdi

  • 13.01.2025 16:15
  • 7.8k+

Hytaý iň uly litiý ätiýaçlyklary bolan ýurtlaryň arasynda altynjy orundan ikinji orna çykdy. Onuň dünýä bazaryndaky paýy 6%-den 16,5%-e çenli artdy diýip, Hytaýyň geologiýa gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.

Reýtingde Hytaý Awstraliýadan, Argentinadan we Boliwiýadan öňe geçdi. Bu görkeziji babatda birinji orny henizem Çili eýeleýär.
Ätiýaçlyklaryň köpelmegine, esasan, ýurduň günbatar bölegindäki täze açyşlar ýardam etdi. Bu ýerde uzynlygy 2,8 müň km bolan litiý guşaklygy tapyldy. Şeýle-de, Tibet düzlüginiň mineral köllerindäki ätiýaçlyklar ep-esli artdy we netijede Hytaý şeýle ýataklarda litiý ätiýaçlygy boýunça üçünji orna çykdy.
Mundan başga-da, hytaýly alymlara lepidoliti – düzüminde litiý ýokary bolan mineraly gaýtadan işlemekde tehnologiki kynçylyklary ýeňip geçmek başartdy. Öň bu proses kynlygy we gymmatlygy bilen tapawutlanýardy.
Litiý elektromobil, akkumulýator önümçiligi, ykjam aragatnaşyk we beýleki tehnologiýalar üçin örän möhümdir. Litiý ýataklaryny gözlemek Hytaýa importa garaşlylygyny azaldyp, dünýä bazarynda deňagramlylygy ýokarlandyrmaga kömek eder diýip, hünärmenler belleýär.


16.06.2026 12:54
5.2k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....