2025-nji ýylda dünýäde iň köp eksport edýän 30 döwletiň sanawy düzüldi

  • 17.10.2025 12:22
  • 9.6k+

2025-nji ýylda Hytaý eksport babatda dünýäde lider hökmünde öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. ABŞ bilen arasyndaky salgyt gapma-garşylygyna garamazdan, Hytaý Afrika, Günorta-Gündogar Aziýa we Ýewropa bilen söwda gatnaşyklaryny giňeldýär. Şol bir wagtda ABŞ öz ykdysady erkinligini ýokarlandyrmaga ünsi jemleýär.

Bütindünýä söwda guramasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Hytaýyň eksporty 6% ýokarlanyp, 3,6 trillion dollara ýetdi. Häzirki wagtda dünýäde iberilýän ähli konteýnerleriň takmynan 36%-i hytaý harytlaryndan doly. Ýurt, şeýle hem 2025-nji ýylda Latyn Amerikasy, Afrika we Aziýa bazarlaryna rekord derejede eksport amala aşyrmaga taýýarlanýar.
ABŞ dünýäde ikinji iň uly eksport ýurdy bolmagynda galýar — 2024-nji ýylda eksport mukdary 2,1 trillion dollar boldy. 2025-nji ýylyň ýanwar — iýul aralygynda amerikan harytlaryna bolan islegiň takmynan 30%-i Kanadanyň we Meksikanyň paýyna düşdi.
Üçünji ýerde Germaniýa bolup, onuň eksport möçberi 1,7 trillion dollar, bu bolsa geçen ýyldakydan 1% azdyr. Dördünji orunda bolsa 921 milliard dollarlyk eksport bilen Niderlandlar bar.
Iň çalt ösüşi Wýetnamda, Gonkongda we Fransiýada hasaba alyndy — degişlilikde 14%, 12% we 11%. Wýetnamyň eksportynyň giňelmegi nebit, kofe we tüwi eksportynyň artmagy hem-de dünýä üpjünçilik zynjyrlarynyň täzeden gurluşmagy bilen baglanyşyklydyr.


19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......